Şweýsariýa Konfederasiýasynda Türkmenistanyň we Şweýsariýanyň işewürler toparynyň duşuşygy geçirildi.

2017-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Wintertur şäherinde, Şweýsariýa – GDA/Gruziýa bilelikdäki söwda edarasy bilen gurnalan “Türkmenistan – Şweýsar kompaniýalar üçin söwda ugry” atly çäräniň çäklerinde ýurdumyzyň we Şweýsariýanyň işewürler toparynyň arasynda geňeşmeler geçirildi .

Türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriň we döwlet edaralaryň wekilleri, işewürler toparynyň wekilleri, hususan-da Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi, “Türkmennebit” Döwlet konserni, “Türkmengaz” Döwlet konserni,  Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti, Telekeçiler we senagatçylar birleşmesiniň, Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Ilçihanasynyň wekilleri türkmen tarapyna wekilçilik etdiler.

Şweýsar tarapyndan duşyga bu ýurduň abraýly kompaniýalarynyň wekilleri şol sanda «Burckhardt Compression», «ABB Switzerland», «Eurasia Development», «GMCS Group AG», «Leica Geosystems AG», «M & M Militzer & Münch AG», «Maschienenfabrik Rieter AG», «QUORUS GmbH», «Sulzer Chemtech Ltd» we beýlekler gatnaşdylar. Olara Şweýsariýa – GDA/Gruziýa bilelikdäki söwda edarasynyň başlygy, «Burckhardt Compression» kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory jenap Marsel Pawliçek baştutanlyk etdi.

Işewürler duşuşygyň dowamynda taraplar söwda ulgamdaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, nebit we gaz senagaty, ýenil senagaty, dokma senagaty, syýahatçylyk we telekeçilik ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmekligiň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da iki ýurduň işewürler toparlarynyň wekilleri ýurdumyzyň maýadarlar üçin döredýän amatly şertlerini we mümkinçiliklerini göz öňünde tutmak bilen, özara gyzyklanma döredýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürjek we şweýsar kompaniýalary Türkmenistanyň söwda bazarlaryna getirmage ýardam berjek anyk işler we çäreler barada pikir alyşdylar.

Işewürler maslahatlaşmasynyň soňunda «Bilelikdäki Türkmen-Şweýsar söwda geňeşini döretmek barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilen Şweýsariýa–GDA/Gruziýa Bilelikdäki Söwda Edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama» parafirlendi