RSS

SOŇKY HABARLAR

15 Apr

KHBS ÜÇIN HABAR

2019-njy ýylyň 15-nji aprelinden 20-nji apreline çenli döwürde Türkmenistanyň daşary syýasat ulgamynyň gün tertibi wakalara baý bolar. Hepdäniň möhüm wakalarynyň biri hem Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Türkmenistana döwlet sapary bolar. Saparyň barşynda ýokary derejeli gepleşikler geçiriler, şeýle hem iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryny öz içine alýan resminamalaryň uly toplumyna gol çekiler. Şeýle hem şu hepde ÝHHG-niň Aşgabatdaky...

DOWAMY
10 Apr

Aşgabatda Ýokanç däl keseller boýunça BSG-niň Ýewropa sebitiniň ýokary derejeli maslahaty öz işini üstünlikli tamamlady

2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde Aşgabatda Ýokanç däl keseller boýunça BSG-niň Ýewropa sebitiniň «Ýewropada durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin ýokanç däl kesellere garşy göreşmek boýunça wezipeleriň çözülmegi» atly ýokary derejeli maslahaty öz işini üstünlikli tamamlady. Maslahatyň ikinji gününde oňa gatnaşyjylar ýurtlaryň we halkara guramalarynyň, aýratyn hem BMG-niň edaralary we hökümete dahylly bolmadyk guramalar bilen strategiki hyzmatdaşlygyň wajyplygy hakynda gürrüň etdiler. Bu ugurd...

DOWAMY
9 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ WE BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASYNYŇ ÝEWROPA SEBITINDÄKI BÝUROSYNYŇ WEKILLERI GELJEKKI HYZMATDAŞLYGY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2019-njy ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Ýewropa sebitiniň ýokanç däl keseller boýunça ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen, Bütindünýä Saglygy goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitindäki býurosynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetirijisi hanym Piroşka Ostlin bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda hanym Piroşka Ostlin saglygy goraýyş ulgamynda Türkmenistanyň alyp barýan işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. BSG ýokanç däl keselleriň meseleleri...

DOWAMY
9 Apr

Aşgabatda Ýokanç däl keseller boýunça BSG-niň Ýewropa sebitiniň ýokary derejeli maslahaty öz işine başlady

2019-njy ýylyň 9-njy aprelinde Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ýokanç däl keseller boýunça BSG-niň Ýewropa sebitiniň «Ýewropada durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin ýokanç däl kesellere garşy göreşmek boýunça wezipeleriň çözülmegi» atly ýokary derejeli maslahaty öz işine başlady. Bu çärä Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa edarasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem dünýäniň 50 golaý ýurtlarynyň saglygy gora...

DOWAMY
8 Apr

AŞGABATDA KHBS WEKILLERI ÜÇIN BSG-NIŇ ÝEWROPA MASLAHATYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 8-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda Türkmenistanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSG) bilen birlikde guralýan “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek” atly Ýewropa sebitiniň ýokanç däl keseller boýunça ýokary derejeli maslahatynyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri, BSG-n...

DOWAMY
8 Apr

TÜRKMENISTANYŇ YRAK RESPUBLIKASYNDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2019-njy ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi    Serdarmämmet Saparmämmedowiç Garajaýew Yrak Respublikasynyň Prezidenti jenap Barham Salehe Türkmenistanyň Yrak Respublikasyndaky  Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Abu-Dabi şäheri) ynanç hatlaryny gowşurdy.

DOWAMY
8 Apr

Ilçi, Hemişelik wekil A.Haljanow Birinji Hazar ykdysady forumy boýunça Ženewada brifing geçiriýär

On 8 April 2019, the Permanent Mission of Turkmenistan in UN Office at Geneva organised a briefing on the first Caspian Economic Forum, which will be held in Turkmenistan on 12 August 2019, at the the building of the United Nations Geneva Office. Ambassadors, Permanent Representatives of the Islamic Republic of Iran, the Russian Federation, Azerbaijan, Kazakhstan, as well as Ambassadors and representatives from other countries took part in the briefing, which was held in the Turkmen Room (Roo...

DOWAMY