Goşulyşmazlyk hereketine gatnaşyjy ýurtlaryň ilçileriniň brifingi geçirildi

2020-nji ýylyň 10-njy iýunynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissary hanym Mişel Baçeletiň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Goşulyşmazlyk hereketine gatnaşyjy ýurtlaryň Ženewa şäherinde akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň brifingi geçirildi.

Brifingiň maksady – Goşulyşmazlyk hereketiniň çäklerinde adam hukuklary ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostluk toparyny döretmek barada Türkmenistanyň başlangyjyny öňe sürmek.

Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy tarapyndan Türkmenistanyň bitaraplyk statusynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 25 ýyllygy barada Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň aýdan sözleri beýan edildi. Bu sene bilen başga-da bir waka berk baglanyşykly – Türkmenistanyň Goşulyşmazlyk hereketine agzalygynyň 25 ýyllygy. Çünki hut 1995-nji ýylyň oktýabrynda Kolumbiýanyň Kartahena şäherinde Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň Sammitinde Türkmenistanyň bitarap döwlet bolmak pikiri goşulyşmadyk ýurtlaryň biragyzdan goldawyna eýe boldy.

Soňra maksatlarydyr formaty, halkara we sebit durnuklylygyny berkitmäge ýardam bermek maksady bilen bitaraplyk syýasatynyň tejribesini ulanmaga ýardam bermegi öz içine alýan bu Topary döretmegiň konsepsiýasy barada aýdyldy. Şeýle-de Topary döretmekligiň gepleşikler arkaly bitaraplygyň ýörelgelerini we öňüni alyş diplomatiýasyny ulanmak maksady bilen köptaraplaýyn ýakyn hyzmatdaşlyga ýardam bermäge gönükdirilendigi barada bellenip geçildi.

Şol bir wagtda toparyň işiniň gün tertibine 2020-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirmegi meýilleşdirilýän parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş meselelerine bagyşlanan halkara maslahatyna taýýarlyk meselelerini girizmekligiň göň öňüne tutulýandygy hakynda bellenip geçildi.