TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPON IŞEWÜRLERI BILEN ERTIRLIK NAHARYNY GEÇIRDI

2019-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda irden Tokioda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iri ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşyk «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasynda iş ertirlik nahary görnüşinde  geçirildi.

Duşuşyga «ITOCHU», «Sojitz», «Mitsubishi», «Kawasaki Heavy Industries» we beýleki birnäçe meşhur korporasiýalarynyň ýolbaşçylary,  şeýle hem hökümet agzalarynyň, aýratyn alnan ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň wekilçiligindäki türkmen tarapy gatnaşdy.

Öz çykyşynda Döwlet baştutany Türkmenistanda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda dürli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň üstünlikli tejribesini hem-de senagat-tehnologiki infrastrukturanyň ösdürilmegi ulgamyndaky täze bilelikdäki taslamalaryň taýýarlanylmagy boýunça alnyp barylýan taýýarlyklary aýratyn belledi.

Döwlet baştutany ýurtda senagat jemgyýetiniň döredilmegi düýp özeni bolup durýan Türkmenistanyň täze ykdysady strategiýasynyň mazmunyny beýan etdi. Bu öz nobatynda täze ýokary tehnologiki we ylmy esasly kärhanalaryň gurluşygyny göz öňünde tutýandyr. Bu ugurda nebitgaz senagaty, elektroenergetika, ulag we aragatnaşyk, suw hojalygy, dokma toplumy ýaly ugurlar tapawutlandyrylandyr.

Şunlukda Döwlet baştutanymyz biziň döwletimiziň mundan beýläk hem ýapon kompaniýalaryna we maliýe institutlaryna Türkmenistanyň çäginde öz işleriniň netijeli durmuşa geçirilmegi üçin zerur bolan goldawlaryny berjekdigine işewürleriň ünsüni çekdi. 

Iki ýurduň telekeçileriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, hususan-da işewürligiň guramaçylygy we dolandyrylyşy, bäsdeşlige ukyplylygy ýokary bolan önümçilikleriň döredilmegi, ýokary hünär derejeli hünärmenleriň taýýarlygy ýaly ulgamlarda Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň tejribeleriniň işjeň çekilmegi ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn temasyna öwrüldi.

Işewür hem-de açyk söhbetdeşlik ýagdaýynda geçirilen ertirlik naharynyň barşynda ýangyç-energetika, söwda-ykdysady pudaklarynda, himiýa senagatynda, ulag ulgamynda, oba we suw hojalygynda we özara gyzyklanmalaryň ýüze çykýan beýleki wajyp ugurlarynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri we ony işjeňleşdirmegiň ýollary barada giňişleýin pikirler alyşyldy.