SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK KORPUSYŇ WEKILLERINIŇ MARY WELAÝATYNDAKY KÄMILLIK ÝAŞYNA ÝETMEDIKLER ÜÇIN TERBIÝEÇILIK EDARASYNA SAPARY BARADA
2016-njy ýylyň 6-njy dekabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Fransuz Respublikasynyň, Italýan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ilçihanalarynyň, ÝHHG-nyň Merkeziniň, BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň we ÝUNISEF-iň wekilhanalarynyň baştutanlary we wekilleri Mary welaýatynda ýerleşýän kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin terbiýeçilik edarasyna sapar bilen bardylar. Saparyň maksady bu terbiýeçilik edarasynyň işi,...
DURNUKLY ULAG ULGAMY BOÝUNÇA ÄHLUMUMY MASLAHATY
Ulag pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek häzirki döwürde Dünýä ösüşiniň gün tertibiniň esasy ugry. Ulag pudagynda ulgamlaýyn we anyk maksada gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň birnäçe kararnamasynda, hususan-da, 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edilen «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün ed...
PRESS-RELIZ
2016-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna sapary amala aşyrylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi
Halkara ulag resminamalarynyň tassyklanylmagy
Şu gün, Türkmenistanyň Mejlisi Serhetlerde ýükleriň barlagyny geçirmegiň şertlerini ylalaşmak hakynda halkara Konwensiýasyny we «Gury portlar» hakynda hökümetara Ylalaşygyny tassyklady. Türkmenistanda milletiň lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ulag pudagynyň maddy-tehniki esasyny toplumlaýyn kämilleşdirmäge, hereket edýän ulag-kommunikasiýa torlaryny giňeltmäge we täze görnüşlerini döretmäge gönükdirilen täze milli maksatnamalary işlenip taýýarlanyldy we durmuşa geçirilýär. T...
Türkmenistanyň Mejlisi Pariž Ylalaşygyny tassyklady
Şu gün, Türkmenistanyň Mejlisi 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Howanyň şertleri boýunça maslahatynda (COP-21) makullanan we 2016-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Nýu-York şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň baş edarasynda gol çekilen Pariž Ylalaşygyny tassyklady. Türkmenistan howa şertleriniň üýtgemeginiň zeperli netijeleriniň öňüni almagyň tarapdary bolup, howa gurşawyna parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilen köpsanly çärelerini yzygiderli geçirýär. Olaryň zyňyndylaryny...
BMG-niň Baş sekretarynyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa döwletleri bilen ynsanperwer meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek boýunça orunbasary bilen duşuşyk
2016-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa döwletleri bilen ynsanperwer meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek boýunça orunbasary jenap Raşid Halikow bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar garaljak halkara meseleler we Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde we onuň çäklerinde ynsanperwer goldawy işjeňleşdirmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Jenap Raşid...
Сообщение для средств массовой информации
Сегодня по поручению Президента Туркменистана состоялась встреча уполномоченных членов Правительства Туркменистана с делегацией Республики Беларусь, возглавляемой заместителем Премьер-министра этой страны А.Н.Калининым, находящейся в Туркменистане с рабочим визитом. В ходе переговоров был обсужден широкий круг вопросов двустороннего сотрудничества. Особое внимание уделялось состоянию отдельных проектов, реализуемых в Туркменистане белорусскими компаниями. Как известно, наиболее крупным...