TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK KORPUSYŇ WEKILLERINIŇ MARY WELAÝATYNDAKY KÄMILLIK ÝAŞYNA ÝETMEDIKLER ÜÇIN TERBIÝEÇILIK EDARASYNA SAPARY BARADA

2016-njy ýylyň 6-njy dekabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Fransuz Respublikasynyň, Italýan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ilçihanalarynyň, ÝHHG-nyň Merkeziniň, BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň we ÝUNISEF-iň wekilhanalarynyň baştutanlary we wekilleri Mary welaýatynda ýerleşýän kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin terbiýeçilik edarasyna sapar bilen bardylar.

Saparyň maksady bu terbiýeçilik edarasynyň işi, onuň maddy-tehniki binýady we ondaky kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ýaşaýyş şertleri bilen tanyşmakdan ybarat bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem döwletiň kanun çykaryjylyk binýadyny has hem berkitmek we hukuk ulanyjy tejribeleri ösdürmek bolup durýar. Şu çarçuwada Türkmenistanyň Hökümeti birnäçe ýyllaryň dowamynda ynsanperwer ugrunda işleýän halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda bolup, ýurduň hukuk kuwwatyny berkitmeklige, şol sanda terbiýeleýiş edaralar ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreler toplumyny ýerine ýetirýär.