TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ŞWEÝSARIÝA KONFEDERASIÝASY - ŽENEWA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Ýaşulularyň maslahatynyň mejlisi öz işine başlady
ürkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Ýaşulularyň maslahatynyň mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň açylyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi. Döwlet baştutany öz çykyşynda 25 ýylyň içinde ýurduň garaşsyz syýasy, durmuş-ykdysady we ynsanperwer ugurlarynyň ösüşini suratlandyryp, ýurduň we jemgyýetiň häzirki ýagdaýyny häsiýetlendirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, geçen çärýek asyrda ýurdumyzyň esasy önümçilik gorlaryna gönükdirilen 144 milliard...
Ženewada “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” diýen şygar astynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni çäreleriniň biraýlygyň çäklerinde kiçi-futbol boýunça bäsleşige badalga berildi
Şu ýylyň 17-nji aprelinde 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýip yglan edilmegi hem-de “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” diýen şygar astynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni çäreleriniň biraýlygyň çäklerinde 7-nji aprelde bellenilýän Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli, Ženewa şäherindäki diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň arasynda kiçi-futbol boýunça bäsleşige badalga berildi. ...
Delide Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp halkara maslahat geçirildi
2016-njy ýylyň 13-nji fewralynda, Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli çäreleri geçirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyny ýerine ýetirmek çarçuwasynda, şeýle hem, 2016-njy ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Nýu Deli şäheriniň «Täj Mahal» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hindistandaky Ilçihanasy Hindi-Türkmen Dostluk Jemgyýeti bilen bilelikde «Garaşsyzlygynyň we ösüşiň 25 ýyly: Türkmenistan we Hindistan» atly...
"GÜNDOGAR-GÜNBATAR” GAZ GEÇIRIJISI AÇYLYP ULANMAGA BERILDI
2015-nji ýylyň 23-nji dekabrynda, Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň iri gaz känlerini bir bitewi gaz geçiriji ulgama birleşdiren “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze gaz geçiriji Mary welaýatyndaky “Şatlyk” gaz gysyjy stansiýasyndan Hazarýaka sebitindäki “Belek” gaz gysyjy stansiýasyna çenli çekildi. Bu şatlykly dabara gatnaşmak üçin hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň w...
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi
2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Mary welaýatynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisiniň hem-de “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ilkinji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu desgalar başlangyç tapgyrda täze energetika geçirijisiniň serişde binýadyna öwrüler. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýakynda ýurdumyza saparlar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, P...
Türkmenistanda ýokary derejeli maslahat geçirildi
2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda “Bitaraplyk syýasaty: Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly Halkara maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin dürli ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, dünýäniň ýokary syýasy derejeli wekilleri, abraýly halkara we sebit guramalarynyň baştunanlary gatnaşdylar.
Duşenbede Türkmen-Täjik syýasy geňeşmeler geçirildi
2015-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Duşenbe şäherinde Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ministrleriň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň gün tertibine türkmen-täjik döwletara gepleşikleriniň syýasy, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sungat ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da ýygjamlaşdyrmak meseleleri goşuldy. Tarapla...