TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ŞWEÝSARIÝA KONFEDERASIÝASY - ŽENEWA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Şu gün, 2017-nji ýylyň 18-nji noýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde maslahat geçirildi, onuň barşynda 14-15-nji noýabrda Aşgabatda geçen Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) jemleri jemlendi, şeýle-hem Owganystanyň parahatçylykly ösüşine ýardam bermek boýunça meýilnamalaýyn işi dowam etmegiň we özarabähbitli sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meýilnamalaryna seredilip geçdildi. Bellenilip geçilşi ýaly, forumyň işine 37...
AŞGABATDA “2017-NJI ÝYLDA DÜNÝÄNIŇ ILATY”ATLY ÄHLUMUMY ÇYKYŞYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 16-njy noýabrynda paýtagtymyzyň “Arçabil” myhmanhanasynda UNFPA-nyň “2017-nji ýylda dünýäniň ilaty” Ählumumy çykyşynyň tanyşdyrylyşy boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň ilat gaznasy tarapyndan guralan bu çärä ýurdumyzyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň, Milli bilim institutynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, birnäçe ministrlikleriň we pu...
AŞGABATDA OWGANYSTAN BOÝUNÇA SEBITLEÝIN YKDYSADY HYZMATDAŞLYK MASLAHATY (RECCA VII) GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda owgan meselesi boýunça möhüm soraglaryň çözülmegine özara ylalaşylan çözgütleri işläp taýýarlamakda geljekki tagallalary birleşdirmäge, Owganystanyň parahat galkynyşy we ösüşi üçin bilelikde hereket etmäge, hem-de tutuşlygyna sebit we sebitara derejede ykdysady integrasiýany güýçlendirmäge ýardam bermegi maksat edinen Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisi geçirildi. Masla...
Türkmenistanyň Prezidenti UNKTAD-yň Baş sekretaryny kabul etdi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Birleşen Milletler Guramasynyň söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň Baş sekretary jenap Muhisa Kituýini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň tutuş türkmen halkyna aýdan abadançylyk we gülläp ösüş baradaky hoşniýetli sözlerini ýetirdi. Billeni...
AŞGABATDA OWGANYSTAN BOÝUNÇA SEBITLEÝIN YKDYSADY HYZMATDAŞLYK MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2017-nji ýylyň 14-nji noýabrynda paýtagtda ýerleşýän “Ýyldyz” myhmanhanasynda ikigünlik Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maslahaty (RECCA VII) öz işine başlady. Maslahatyň ilkinji iş gününde umumy mejlis we işçi toparlarynyň üç sany mejlisi geçirildi. Forumyň birinji iş gününe RECCA VII-ä agza ýurtlaryň wekilleri we bilermenler, birnäçe halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdyl...
TÜRKMENISTAN WE BMG-NIŇ SÖWDA WE ÖSÜŞ BOÝUNÇA KONFERENSIÝASY (UNCTAD) HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2017-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (UNCTAD) Baş sekretary jenap Muhisa Kituýiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmen tarapy BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygyň ýurduň daşary syýasatynda möhüm ugur bolmagynda galýandygyny belledi. Bütindünýä Söwda guramasyna (BSG) girmeklik işine başlamaklygyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça Türkmeni...
TÜRKMENISTAN WE ESKATO GELJEKKI HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2017-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň (ESKATO) wekiliýeti bilen ady agzalan guramanyň Türkmenistanda iş sapary bilen bolýan Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary jenap Hong Jun Hamyň ýolbaşçylygynda duşuşyk geçirildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň oňaýly täsirini belläp, taraplar Türkmenistan bilen ESKATO-nyň gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barad...