Türkmenistanyň we Şweýsariýanyň parlament wekiliyetleriniň duşuşygy

2017-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Bern şäherinde (Şweýsariýa) Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Federal Assambleýasynyň Parlament gulluklarynyň halkara gatnaşyklarynyň başlygy, Ilçi, Klaudio Fişer bilen duşuşyk geçdi. Gepleşikleriň dowamynda türkmen-şweýsar ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary berkitmek boýunça meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, ýokarda görkezilen duşuşykda türkmen tarapy Türkmenistanyň Mejlisi we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Federal Assambleýasy arasyndaky parlamentara dostluk topary döretmek boýunça teklip bilen çykdy. Bu toparyň esasy maksady iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmekden ybarat bolup durýar.

Öz gezeginde K.Fişer 2017-nji ýylyň 15-nji okyabrynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde Parlamentara Bileleşigiň 137-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistan Parlamentara Bileleşigiň agzalygyna kabul edilendigi üçin türkmen tarapyna gutlag sözleri aýtdy. Şol bir wagtda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Federal Assambleýasynyň Parlament gulluklarynyň halkara gatnaşyklarynyň başlygy bu başlangaja goldaw berip iki döwletleriň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy, şol bir sanda degişli halkara guramalarynyň (Parlamentara Bileleşigi, ÝHHG-niň Parlament Assambleyasy we ş.m.) mundan hem ýokara galdyrmak baradaky taýýarlygy boýunça türkmen wekiliýetine ynandyrma bildirdi.