TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ŞWEÝSARIÝA KONFEDERASIÝASY - ŽENEWA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
BAGDATDA TÜRKMEN-YRAK SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 2-nji aprelinde Bagdat şäherinde Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeleriniň ikinji mejlisi geçirildi. Duşuşygyň başynda 2017-nji ýylyň 25-nji iýulynda Aşgabatda geçirilen syýasy geňeşmeleriň birinji mejlisinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine seljerme berildi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibi, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara meseleler boýunça pikir alyşdylar....
HANOÝDA ILKINJI TÜRKMEN-WÝETNAM SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 2-nji aprelinde Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde (Hanoý ş.) iki ýurduň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde ilkinji türkmen-wýetnam syýasy geňeşmeleri geçirildi. Geňeşmeleriň barşynda wýetnam wekiliýetine ýurduň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary Buý Than Şon baştutanlyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň geljekk...
OKUW MASLAHATYNDA DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ BARŞYNA GARALDY
2018-nji ýylyň 31-nji martynda Aşgabatda ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň bilelikdäki okuw maslahaty geçirildi. Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň barşy maslahatyň esasy mowzugyna öwrüldi. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, ählumumy howpsuzlygyň aýdyň maksatnamasy, Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli amala aşyrmagyň bähbidine dünýä syýasatynyň möhüm meseleleriniň ç...
SEULDA TÜRKMEN-KOREÝA GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
Koreý tarapynyň çakylygy boýunça 2018-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Koreýa Respublikasynyň Seul şäherine resmi sapary amala aşyryldy. Saparyň çäginde Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri hanym Kan Gýon Hwa bilen gepleşikler geçirildi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýagdaýyna garadylar we olaryň ýokary depgin bilen ösýändigini bellediler. Şeýle hem syýasy gatnaşyklary berkitmegiň, s...
Çaganyň saglygyny goramak ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk
Paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýan ylmy-kliniki merkezde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda geçirilýän “Çaganyň irki ösüşi we irki goşulyşma” mowzugy boýunça dört günlük okuw maslahaty geçirildi. Oňa Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleri, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda bu ugur boýunça işleýän çaga lukmanlary we ylmy işgärler gatnaşýarlar. Irki goşulyşma ulgamy çaganyň ösüşiniň ilkinji aýlarynda we bir ýaşynda näsazl...
AŞGABATDA TÜRKMEN-EÝRAN IŞEWÜRLER MASLAHATY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 27-nji martynda Aşgabat şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň Türkmenistana bolan resmi saparyna gabatlanan türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi. Milli ösüş meýilnamalaryny we sebit hyzmatdaşlygyny nazara almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek iki ýurduň işewürler toparlarynyň nobatdaky duşuşygynyň esasy meselesi boldy. Foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen wekiliýetiň agzalarynyň hatarynda döwlet düzüml...
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA RESMI SAPARY
2018-nji ýylyň 27-nji martynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde EYR-nyň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Howa menzilinden Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti sapar wagtynda özi üçin bellenilen paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasynda ýerleşen kabulhanasyna ugrady. Günüň birinji ýarymynda belent mertebeli myhman motosikletçileriň hormat n...