TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI ÇARELERE GATNAŞDY

2018-nji ýylyň 18-nji iýulynda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Berdimuhamedowyň durnukly ösüş boýunça Ýokary derejeli syýasy forumynyň ministrler ýygnagynyň umumy maslahatlaşmasynda çykyş etdi.

Ol öz çykyşynda DÖM-niň netijeli integrasiýasyny we ýerli aýratynlyklary we maksatlary nazara almak bilen Türkmenistanyň ösüşiniň milli strategiýasyna bagly maksatlaryny belledi.

Şeýle hem ol BMG-niň ÖM, ÝB we BMG-niň ýanyndaky Slowakiýanyň Hemişelik Wekilhanasy tarapyndan gurnalan «DÖM-ň gazanylmagy arkaly durnuklylygy ýokarlandyrmak: Merkezi Aziýada işlemegiň täze usullary» atly çäresine gatnaşdy.

S.Berdimuhamedow öz çykyşynda ýurtda DÖM-ň ornaşdyrylmagy barada aýtdy we olaryň durmuşa geçirilmegi ýurduň milli strategiýasynyň öňdebaryjy ugry bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýeti Irlandiýanyň daşky gurşawyň üýtgemegi, aragatnaşyk we energetika meseleleri boýunça ministri D.Noýten bilen duşuşdy.

Taraplar ýurtlarda DÖM-ň ornaşdyrylmagy boýunça tejribeleri alyşdylar. Türkmen wekiliýeti şäherlerde we obalarda agaç oturtma ugrunda dürli  milli meýilnamalaryň kabul edilmegi, Aral deňzini halas etmek boýunça çäreleri, 2018-nji ýylyň aprelinde «BMG we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly rezolýusiýasynyň kabul edilmegi barada maglumat berdi.

Şeýle hem olar 2018-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň agza-ýurtlarynyň we bu meselede gyzyklanma bildirýän taraplaryň gatnaşmagynda maslahatynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini bellediler.