TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2018-nji ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mýätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Gyrgyzystan Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar sebitde hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşine we halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklara degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar we dünýä gün tertibiniň wajyp soraglary boýunça pikir alyşdylar.  Daşary işler ministrleri täzeden döredilýän Merkezi Aziýanyň bäş döwlet formatyny berkitmek boýunça gazanylan ylylaşyklara özleriniň berk ygrarlydygyny tassykladylar we indiki ýyl Özbegistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän döwlet baştutanlarynyň sammitiniň gün tertibini düzmegiň zerurdygyny bellediler.

Duşuşygyň netijeleri boýunça oňa gatnaşyjylar bilelikdäki beýannamany kabul etdiler.