TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ŞWEÝSARIÝA KONFEDERASIÝASY - ŽENEWA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA ARAL DEŇZINIŇ ÇÖKGÜNLIGINIŇ WE DAŞKY GURŞAWYŇ ÝARAMAZLAŞMAGYNYŇ ÝETIRÝÄN TÄSIRLERINIŇ ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLMAGY BOÝUNÇA TEGELEK STOL GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 21-nji awgustynda Türkmenistanyň paýtagtynda Aral deňziniň çökgünliginiň we daşky gurşawyň ýaramazlaşmagynyň eneleriň we çagalaryň saglyk hem-de iýmit ýagdaýlaryna ýetirýän täsirleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça tegelek stol öz işine başlady. Çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde guraldy. Tegelek stoluň işine Türkmenistanyň b...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň orunbasary - Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary S.Iwanowyň ýolbaşçylygyndaky GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna Başlyklyk etmeginiň çäklerinde çäreleriň meýilnamalaýyn durmuşa geçirilişini kanagatlanma bilen bellä...
AŞGABATDA TÜRKMEN-ÖZBEK SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow ýolbaşçylyk etdiler. Gepleşikleriň barşynda taraplar iki doganlyk ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça ösüşiniň oňyn depginini belläp geçdiler. Diplomatlar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky ikitaraplaýy...
Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleri boýunça başlyklygyň BEÝANNAMASY
2019-njy ýylyň 11–12-nji awgustynda Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde Birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Forumyň çäklerinde birnäçe halkara çäreleri guraldy, bu çäreleriň netijeleri boýunça şu aşakdakylar bellenildi: Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet Baştutanlary tarapyndan 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde ýokary derejedäki Bäşinji Hazar duşuşygynyň netijeleri boýunça gol çekilen, Haza...
TÜRKMENISTAN WE RUSSIÝA KÖPUGURLY HYZMATDAŞLYGY SAZLAŞYKLY GIŇELDÝÄRLER
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy D.Medwedewiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli rus wekiliýeti Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi. 12-nji awgustda RF-niň Hökümetiniň Başlygy Forumyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly Halkara maslahatyna gatnaşdy. Şeýle hem Dmitriý Medwedewiň we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýy...
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRI BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministri Abdulla Aripowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi. 12 awgustda Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministri A.Aripow Forumyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly Halkara maslahatyna gatnaşdy. Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministri A.Aripow Türkmenistanyň Prezident...
AZERBAÝJANYŇ PREMÝER-MINISTRI BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Azerbaýjan Respublikasynyň premýer-ministri Nowruz Mamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi. 12-nji awgustda ýokary derejeli myhman Forumyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly Halkara maslahatyna gatnaşdy. Azerbaýjan Respublikasynyň premýer-ministri Nowruz Mamedow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimu...