TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW HIROSAKI UNIWERSITETINIŇ HORMATLY DOKTORY BOLDY

2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasynda Tokio iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Hirosaki Uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen akademiki derejesiniň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Dabara Hirosaki uniwersitetiniň, beýleki ýapon ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen assosiasiýasynyň wekilleri, Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar.

Hirosaki Uniwersitetiniň rektory Keý Sato şu ýere gelenleriň adyndan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ýakymly arzuwlaryny beýan edip, şu duşuşygyň ynsanperwerlik ulgamyndaky, ilkinji nobatda bolsa ylym ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde täze tapgyryň başlanmagyny dabaralandyrýandygy aýratyn belläp geçdi.

Soňra ýokary okuw mekdebiniň Alymlar geňeşiniň Türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň, ylmyň we biliminiň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin Hirosaki Uniwersitetiniň Hormatly Doktory derejesiniň gowşurylmagy hakyndaky karary okaldy.

Dabaraly ýagdaýda, çärä gatnaşyjylaryň dostlukly el çarpyşmalaryň astynda uniwersitetiň ýolbaşçysy Prezidente degişli Diplomy gowşurdy.

Türkmenistanyň Baştutany ýokary derejäniň berilmegi üçin Ýaponiýanyň öňdebaryjy ylym-bilim merkeziniň agzalaryna çyn ýürekden minnetdarlygyny beýan etdi: «Men bu ady Türkmenistana bolan hormatyň, biziň ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamyndaky gazananlarynyň ykrarnamasy, iki ýurduň halklarynyň dostlygynyň we barha berkeýän gatnaşyklarynyň subutnamasy hökmünde kabul edýärin".

Häzirki wagtda Ýaponiýada Türkmenistandan ýigrimiden gowrak talybyň bilim alýandygyny bellemek bilen, Döwlet baştutanymyz geljekde bu sanyň has hem artjakdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidenti türkmen talyplary üçin Ýaponiýanyň okuw merkezlerinde maksatlaýyn okuw maksatnamasynyň işlenilip düzülmegi hakyndaky teklibi orta atdy, bu geljekde olary ykdysadyýetiň hem-de durmuş ulgamynyň zerurlyklarynyň nazarda tutulmagy bilen ulgamlaýyn esasada okuwa ýollamaga mümkinçilik berer. 

Hirosaki Uniwersitetiniň Hormatly Doktory derejesiniň gowşurylmagy mynasybetli dabaranyň tamamlanmagy boýunça Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýapon uniwersitetlerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň öňünde çykyş etdi.