TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy (oturýan ýeri Ankara şäheri) jenap Kristian Berger bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda gazanylan üstünlikler we geljekde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ikitaraplaýyn özarabähbitli hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar şeýle-hem sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri barada pikir alyşdylar, parlamentara gatnaşyklary güýlendirmek babatda pikirler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmäge ygrarlydygyny belläp, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen köptaraplaýyn gatnaşyklaryny geljekde ösdürmek üçin berk meýdançany döretmäge ýardam etjek syýasy geňeşmeleriň, işçi duşuşyklarynyň we gepleşikleriň wagtly-wagtynda geçirilmeginiň zerurdygyny belläp geçdiler.