TÜRKMENISTANYŇ BAŞTUTANY SEUL HALKARA FORUMYNDA NETIJELI ÖZARA HEREKETLERIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY BEÝAN ETDI

Şu gün, 18-nji noýabrda Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumyna gatnaşyjylara wideoýüzlenmesinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gyzyklanma bildirilýän ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklaryň has hem ilerledilmeginiň zerurlygyny belläp geçdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany şeýle-de çärä gatnaşyjylaryň ünsüni sebit gün tertibiniň derwaýys ugurlaryna hem-de Ýewraziýada özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň mümkinçiliklerine çekdi. Şunda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda amala aşyrylýan türkmen-koreý özara hereketleriniň aýratyn önjeýliligigi bellenilip geçildi.

Netijeli söwda-ykdysady, energetiki gatnaşyklarynyň, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegi hem nobatdaky duşuşygyň esasy temalarynyň hatarynda boldy.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti saglygy goraýyş, «ýaşyl ösüş», azyk howpsyzlygy ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň derwaýyslygyny nygtamak bilen, abraýly halkara hem-de sebit guramalary bilen alnyp barylýan bilelikdäki işleriň ýygjamlaşdyrylmagynyň zerurlygyny beýan etdi.

Şeýle-de ynsanperwerlik ugry boýunça köpugurly hereketleriň ilerledilmegi babatynda hem ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygy bellenilip geçildi. «BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen 2021-nji ýyl hem tamamlanyp barýar. Bu başlangyjyň esasynda dünýä bileleşiginiň ünsüni dünýä medeniýetini we hormatlamak gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň zerurlygyna çekmek islegi durýar. Döwletara gatnaşyklarynda häzirki döwürde ýüze çykýan ynanyşmagyň ýeterlik däldigini hem aradan aýyrmagy göz öňünde tutýar», diýip Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Koreýa Respublikasynyň Täze demirgazyk ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenilen taryhy, medeni we bilim gatnaşyklarynyň üsti bilen ynsan aragatnaşyklarynyň giňeldilmegi umumadamzat meseleleriniň çözgüdine ýardam etjek aýratynlyklar hökmünde beýan edildi.