TÜRKMENISTAN BILEN BMG-NIŇ NEŞE SERIŞDELERI WE JENAÝATÇYLYK BOYUNÇA MÜDIRLIGINIŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYGY MUNDAN BEÝLÄK-DE ÖSDÜRILMEGI UGRUNDA AMALY ÇÄRELERIŇ MEÝILNAMASY BOÝUNÇA ONLAÝN SYN-BERIŞ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boyunça Müdirliginiň arasynda 2019-2021-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda Amaly çäreleriň Meýilnamasy boýunça («Ýol kartasy») syn beriş duşuşygy göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi.

Duşuşyga BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boyunça Müdirliginiň  Merkezi Aziýadaky Sebitleýin wekili Aşita Mittal, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boyunça Müdirliginiň Gazagystandaky Maksatnamalaýyn edarasynyň ýolbaşçysy Nawid Riaz, CARICC maksatnamasynyň utgaşdyryjysy we maksatnamanyň halkara hem-de sebitleýin utgaşdyryjylary gatnaşdylar.

Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiyewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Wekiliýetiň düzüminde Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri hem bar.

Türkmen wekiliýetiniň başlygy Türkmenistanda düşündiriş we aýdyňlaşdyrma  işleri görnüşinde öňüni alyş çäreleriniň, şol sanda 2020-2022-nji ýyllarda adam söwdasyna garşy göreş boýunça Türkmenistanyň hereketleriniň Milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilýändigini belläp geçdi. Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapy indiki döwür üçin ýol kartasynyň işlenilip düzülmegini teklip etdi we onda sanlylaşdyrmaga hem-de hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça hünärmenleriň we bilermenleriň mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns bermegiň zerurlygyny nygtady.

Merkezi Aziýanyň Sebitleýin maglumat we utgaşdyryjy merkeziniň çäginde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirligi bilen alnyp barylýan özara hereketleriň hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Häzirki wagtda ýurtda Türkmenistan tarapyndan bu guramada başlyklygyň kabul edilmegi boýunça degişli çäreleri alnyp barýar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar 2019-2021-nji ýyllar aralygynda  sebitde neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna hem-de jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça alnyp barlan işlerde ýetilen sepgitleri we olaryň netijelerini seljerdiler.

Çärä gatnaşyjylar öň kabul edilen bilelikdäki meýilnamalaryň we maksatnamalaryň talabalaýyk durmuşa geçirilmegi üçin özara hereketleriň mundan beýläkde giňeldilmeginiň zerurlygyny belläp geçdiler.