TÜRKMENISTANYŇ WE BMG-NIŇ ARASYNDA DURNUKLY ÖSÜŞ UGRUNDA 2021-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HYZMATDAŞLYGYŇ ÇARÇUWALY MAKSATNAMASYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ DERWAÝYS UGURLARY KESGITLENILDI

2021-nji ýylyň Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Bilelikdäki ýolbaşçy we utgaşdyryjy komitetiniň ikinji mejlisi geçirildi.

Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň şeýle hem, ýurduň beýleki degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar. Duşuşyga şeýle-de BMG-niň Aşgabatdaky düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygy açmak bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ulgamlaýyn esasda ösdürilýän Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň depginine ýokary baha berdi.

Şu günki mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar bu formatda geçirilen birinji duşuşygyň dowamynda kabul edilen çözgütleriň durmuşa geçirilmeginiň depgini baradaky maglumaty diňlediler, şeýle-de Çarçuwaly maksatnamanyň amala aşyrylmagy üçin serişdeleriň ulanylmagynyň strategiýasy boýunça teklipleri diňlediler. Mundan başga-da, Türkmenistanda DÖM-ny maliýeleşdirmegiň hem-de DÖM-nyň maliýeleşdirilmeginiň Toplumlaýyn milli gurallarynyň (MTMG) durmuşa geçirilmeginiň meselelerine seredildi.