Şweýsariýa Konfederasiýasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

2017-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Wintertur şäherinde Şweýsariýanyň we Türkmenistanyň hökümet edaralarynyň wekilleriniň we işewürler toparynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Ilçihanasy tarapyndan gurnaldy.

Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Atageldi Haljanow Döwlet baştutanymyzyň kitabynyň mazmuny bilen tanyşdyrmak bilen, eseriň baş pikiri hökmünde Türkmenistanyň özüniň taryhy ýoluny açyp görkezýän halkara giňişligindäki oňyn başlangyçly, sebitiň abadançylygyna we Ýüpek ýolunyň ösüşine Türkmenistanyň orny nukdaýnazaryndan beýan edilýändigi barada nygtap geçdi.

Tanyşdyryş çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň köpugurly ykdysady, syýasy we durmuş ähmiýeti barada bellenilip geçildi. Hususan-da kitapda Ýüpek ýolunyň medeniýetleriň aralaşmagyna, siwilizasiýalaryň ösmegine, medeni mirasa hormat goýmaga, durmuş-ykdasady abadançlyga ymtylmaga, Günbataryň we Gündogaryň arasynda ylmy we medeni baglanyşygyň berkemegine uly orun berilýändigi barada pikir alşyldy. Mundan başga-da çärä gatnaşanlar täze söwda ýollarynyň we ugurlaryň döremegine Beýik ýüpek ýolunyň esaslandyrylan döwründe dörän we häzirki wagtda kämilleşýän halkara ulag ulgamlaryň aýrylmaz gatnaşyjysy bolan Türkmenistanyň wajyp orny barada aýratyn durup geçdiler.