Ženewada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady

2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň gurnamagynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan köpçülige açyk görnüşli sergi öz işine başlady.
Sergide Hormatly Prezidentimiziň kitaplary, Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllyk döwri içinde ýurdumyzyň ykdysady we syýasy ösüşini hem-de gazananlaryny şöhlelendirýän fotosuratlar, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen milli halyçylyk sungatynyň eseri bolan Türkmen halylary we Türkmenistanyň taryhy ýadygärligi bolan milli şaý-seplerimiz ýerleşdirildi.
Bu sergi BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Assambleýa zalynyň giň foýesinde ýerleşdirilip, bu sergä BMG-niň hünärmenleriniň we bilermenleriniň, Ženewa şäherinde ýerleşýän halkara guramalaryň we diplomatik wekilhanalaryň wekilleriniň gelip görmekleri göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan sergi özü işini 2020-nji ýylyň 14-nji dekabryna çenli dowam eder.