Daşary ýurtly Liderler hormatly Prezidentimizi Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlaýarlar

Türkmenistanyň Garaşsyzlygymyzyň şanly 26 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentinden gutlag hatlary gelip gowuşdy.
Parahatçylygy, ählumumy ösüşi we adam hukuklaryny üpjün etmek boýunça bilelikdäki tagallalarymyzy ösdürmek maksady bilen Birleşen Milletler Guramasynyň has berk düzümini döretmekde Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagyna hem-de goşandyna bil baglaýaryn, diýen sözler Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreşiň hatynda beýan edilýär.
Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara ynamyň hem-de dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň dowam etjekdigine ynanýaryn diýip Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Doris Loýthard öz hatynda belleýär.
source: TDH