"GÜNDOGAR-GÜNBATAR” GAZ GEÇIRIJISI AÇYLYP ULANMAGA BERILDI

2015-nji ýylyň 23-nji dekabrynda, Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň iri gaz känlerini bir bitewi gaz geçiriji ulgama birleşdiren “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze gaz geçiriji  Mary welaýatyndaky “Şatlyk” gaz gysyjy stansiýasyndan Hazarýaka sebitindäki “Belek”  gaz gysyjy stansiýasyna çenli çekildi.

Bu şatlykly dabara gatnaşmak üçin hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary,  ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, daşary ýurtlardaky Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary,  ýurdumyzyň we daşary döwletleriň habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, hemmeleri taryhy waka -- Balkan welaýatynda örän iri energetika desgasynyň – «Gündogar–Günbatar» gaz geçirijisiniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Milli Liderimiz şu günki wakanyň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny nygtap, bu gaz geçirijiniň uzynlygynyň 800 kilometre golaýlaýandygyny, onuň  ýyllyk kuwwatynyň  30 milliard kub metr tebigy gazy ibermäge niýetlenendigini belledi. Şunda taslamanyň bahasy 2 milliard 500 million amerikan dollaryndan hem geçýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze gaz geçirijiniň öz ýurdumyzyň kärhanalarynyň güýçleri bilen gurlandygyny ýene-de bir gezek aýratyn nygtady. Bu bolsa, berkarar döwletimiziň uly ykdysady we maliýe mümkinçiliginiň bardygyny aýdyň görkezýär.