Türkmenistanda 2022-nji ýylda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň nobatdaky uçdantutma ýazuwynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

photo

2017-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde  2015-nji ýylyň 10-njy iýunynda BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň kabul eden “Ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň 2020-nji ýyldaky ýazuwynyň Bütindünýä maksatnamasynyň” kararnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanda 2022-nji ýylda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň nobatdaky uçdantutma ýazuwynyň geçirilmegi meýilleşdirilýändigi barada habar berildi.

Bu çäräniň geçirilişine düýpli taýýarlyk görmek, guramaçylyk meselelerini wagtynda çözmek hem-de öňde boljak çäräni degişli derejede ugrukdyrmak maksady bilen döwlet toparyny döretmek göz öňünde tutulýar.

Onuň netijeleri Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatyny kämilleşdirmekde, möhüm milli maksatnamalary işläp taýýarlamak, ilatyň demografiýa ýagdaýyna baha bermek üçin wajyp bolup durýar.

Ilat ýazuwynyň maglumatlarynyň jemlenilmeginiň durmuş we ykdysady ulgamlarda ýerine ýetirilmeli çäreleri kesgitlemekde möhüm esas bolup durar,  ähli derejedäki býujetleri, ilkinji nobatda bolsa, Döwlet býujetini meýilnamalaşdyrmakda statistiki maglumatlar peýdalanylar.