TÜRKMENISTANYŇ, OWGANYSTANYŇ WE AZERBAÝJANYŇ PREZIDENTLERINIŇ ÜÇ TARAPLAÝYN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde üç taraplaýyn duşuşyk geçirildi. Owganystan-Türkmenistan- Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe («Lapis Lazuli») halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň iri möçberli bilelikdäki taslamasyny amala aşyrmak baradaky mesele ýokary derejedäki iş maslahatynyň gün tertibine çykaryldy.

Bu iri möçberli bilelikdäki taslamany amala aşyrmak baradaky meselä bagyşlanylan wideomaslahatyň barşynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew transkontinental üstaşyr ulag geçelgesini döretmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň sebitleýin we halkara söwda–ykdysady gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ählumumy durnukly ösüşe bütinleý hyzmat etjekdigini bellediler.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganini hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewi mähirli mübärekläp, bu forumy gurandyklary üçin öz kärdeşlerine çäksiz minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynda dünýäniň ýüzbe-ýüz bolan ählumumy wehiminiň şertlerinde görkezilen ugur boýunça biziň özara arkalaşykly hereket etmek aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny aýtdy. Türkmenistan, Owganystan we Azerbaýjan ýokanç keseliň täze görnüşiniň - koronawirus COVID - 19-yň ýaýramagyna garşy gönükdirilen halkara tagallalarynyň çäklerinde bilelikde netijeli iş alyp bardylar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz owgan hem-de azerbaýjan tarapyna Türkmenistanyň koronawirus ýokanjyna garşy göreşmäge we pandemiýanyň durmuş-ykdysady netijelerini azaltmaga degişli başlangyçlaryna çuňňur düşünmek bilen garandygy we hemmetaraplaýyn goldaw berendikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk baradaky meselä geçip, Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň kontinental ýollaryň çatryklarynda ýerleşýän ýurtlardygyny belledi.

Ulag ulgamynda özara arkalaşykly hereket etmegiň meýilnamalarynyň üstünde hereketleriň bellenen ugurlaryny we anyk möhletlerini göz öňünde tutup, netijeli işlemegiň zerurdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeň ýola goýmak boýunça anyk teklipleri öňe sürdi.

Birinjiden, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda gol çekilen Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe ulag geçelgesi («Lapis Lazuli») hakyndaky Ylalaşyga esaslanyp, Bitewi logistik merkezi döretmegi teklip etdi.

Ikinjiden, ýük daşamalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin, häzirki zaman, ýokary tehnologiýaly ulag üpjünçilik ulgamlarynyň bolmagy ägirt uly ähmiýete eýedir. Muňa düşünmek bilen garap, ýükleriň ugradylýan we kabul edilýän ýerlerini: deňiz menzillerini, demir ýol beketlerini, awtomobil menzillerini mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn üns bermek zerurdyr, diýip milli Liderimiz aýtdy.

Üçünjiden, hormatly Prezidentimiz Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan gatnaw ugry boýunça we yzyna ýükleri geçirmek üçin bir bitewi nyrh syýasatyny ýöretmegi maksadalaýyk hasaplaýarys, diýip aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň üstaşyr geçiriş üçin nyrhlary peseltmek, ýükler saklananda hyzmatlaryň käbir görnüşleri üçin töleglerden boşatmak ýaly dürli ýeňillikleri özara bermek meselelerini ara alyp maslahatlaşyp biljekdikleri nygtaldy.

Dördünjiden, milli Liderimiz «Bitewi äpişge» ýörelgesi boýunça gözegçilik ulgamyny girizmek arkaly gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmegiň mümkinçiliklerine seretmegi teklip etdi.

Bäşinjiden, Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan gatnaw ugrunyň sanly ulgamdaky atlasyny taýýarlamak zerurdyr. Onda bar bolan ulag-kommunikasiýa üpjünçilik ulgamlary barada jikme-jik maglumatlary bermeli diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Bu başlangyçlaryň üstünde jikme-jik işlemek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň iýul aýynda üç ýurduň ulag ulgamlarynyň we beýleki degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn düzgüninde duşuşygyny geçirmegi teklip etdi.

Milli Liderimiz onlaýn duşuşyga gatnaşyjylara üns berendikleri üçin minnetdarlyk bildirip, täsirli usullaryň we özara ylalaşylan garaýyşlaryň emele getirilmeginiň Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň hakyky isleglerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň barşynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani çykyş etdiler we özleriniň çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygyny bellediler hem-de öz türkmen kärdeşine alyp barýan netijeli parahatçylyk söýüjilikli syýasaty hem-de geljegi uly ähli ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler.