TÜRKMENISTANYŇ BÜTINDÜNÝÄ BANKYNYŇ “IŞEWÜRLIGI ALYP BARMAK” TASLAMASYNA GOŞULMAGY BOÝUNÇA ONLAÝN GEPLEŞIK

2020-nji ýylyň 19-nji iýunynda Türkmenistanyň Bütindünýä bankynyň “Işewürligi alyp barmak” («Doing business») taslamasyna goşulmagy boýunça onlaýn gepleşikler geçirildi.

Gepleşiklere Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, Bütindünýä bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekili, şeýle hem wideoaragatnaşyk arkaly Bütindünýä bankynyň bilermenleri gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar dürli ugurlarda, şol sanda saglygy goraýyş, statistika, ulag, bank we maliýe toplumlarynda bu abraýly gurama bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belläp, teklip edilýän taslamanyň ähmiýetini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda halk hojalyk toplumyny düýpli özgertmek, hususan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işler babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alşyldy.

Häzirki wagtda bu taslama dünýäniň 180-den gowrak ýurduny öz içine alýar. Onuň maksady ýurtlaryň arasynda işiň bu görnüşini kadalaşdyrmagyň şertlerini deňeşdirmek üçin hemmetaraplaýyn maglumatlary ýygnamak we seljermek arkaly tutuş dünýä boýunça telekeçilik işini kadalaşdyrýan hukuk binýadyny gowulandyrmak üçin ygtybarly esasy döretmekden ybaratdyr.