WECOOP “ÝEWROPA BILELEŞIGI - MERKEZI AZIÝA: DAŞKY GURŞAW WE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI” TASLAMASYNYŇ SEBITLEÝIN ÝOLBAŞÇYLARY BILEN WIDEO KONFERENSIÝA

Şu gün Daşary işler ministrliginde «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa: suw serişdeleri, daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi ugurlarynda hyzmatdaşlyk» atly taslamanyň (WECOOP) sebitleýin ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideomaslahat geçirildi.
Duşuşyga ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, howanyň üýtgemeginiň täsirini peseltmek, «ýaşyl» ykdysadyýeti ilerletmek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnukly ösüşiniň we ekologiýa abadançylygynyň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, sebitiň döwletleri halkara guramalar bilen bilelikde bu ugurdaky tagallalaryny utgaşdyrýarlar.
Ýurdumyzyň bu ugurda esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýan Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikde birnäçe uzak möhletli taslamalar, şol sanda «ÝB — Merkezi Aziýa: suw serişdeleri, daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi ugurlarynda hyzmatdaşlyk» taslamasy amala aşyrylýar. Onuň baş maksady sebitde Ýewropa Bileleşiginiň ülňüleri esasynda bu meseleleri çözmek boýunça netijeli syýasaty kemala getirmekdir.
Şeýle hem ykdysadyýetiň ugurlaryna laýyklykda, maýa goýum işini höweslendirmek onuň esasy ugry bolup durýar. Munuň özi adamyň alyp barýan işleri zerarly howanyň hapalanmagyny azaltmak boýunça işlere ýardam bermäge gönükdirilendir.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda bu meselelere möhüm üns berilýändigini bellemeli. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan ählumumy döwlet durmuş-ykdysady maksatnamalary BMG-niň kabul eden Durnukly ösüş maksatlary nazara alnyp işlenip taýýarlanylýar we durmuşa geçirilýär.
Munuň özi ilkinji nobatda, energiýanyň elýeterli, ygtybarly we döwrebap çeşmelerine bolan ygtyýarlylygy üpjün etmekden, ykdysady ösüşe we iş bilen üpjünçilige, azyk howpsuzlygyna, oba hojalygynyň ösdürilmegine, senagatlaşdyrmaga hem-de täzeçil usullara ýardam bermekden ybaratdyr.
«Arassa ösüşiň» netijeli gurallary parnik gazlarynyň howa zyňylýan möçberlerini azaltmaga mümkinçilik berýär. Nebitgaz pudagynda, elektroenergetika, himiýa senagatynda, ulag we beýleki pudaklarda bu işler maksadalaýyk derejede ýerine ýetirilýär. Suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, biologik dürlüligi we tebigy aýratynlyklary saklamak, çölleşmä, ýerleriň şorlaşmagyna garşy göreşmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.
Toplumlaýyn çäreler ykdysady, azyk, suw we ekologiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Döwletimiz howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýanyň rejelenen görnüşini esasy ugur edinýär. Onda Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygy babatdaky borçnamalary öz beýanyny tapdy.
Häzirki wagtda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurduň ykdysadyýetini howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmaga dahylly bolan milli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Garagum sährasynyň merkezinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygy we Milli tokaý maksatnamasy şeýle taslamalara degişlidir.
Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, «Rio+20» Bütindünýä sammitinde, Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda, BMG-niň Täjigistanyň paýtagtynda geçirilen «2018 — 2028-nji ýyllarda durnukly ösüş üçin suw» Hereketleriň onýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli halkara maslahatynda we beýleki iri forumlarda beýan eden başlangyçlary häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmekde halkara bileleşigiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir.
Şeýle başlangyçlaryň hatarynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Aşgabatda sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak, şeýle hem BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin ýörite maksatnamasyny we Hazaryň täze ekologiýa maksatnamasyny taýýarlamak hakyndaky teklipler bar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, howanyň üýtgemeginiň täsirini peseltmek we oňa uýgunlaşmak boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny taýýarlamak ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Ony Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleri we beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen ýygjam aragatnaşykda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we beýleki birnäçe halkara guramalaryň tehniki taýdan ýardam bermeginde ýerine ýetirýär.
Şeýle hem beýleki ýurtlar, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň berkidilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Parnik gazlarynyň howa zyňylmagy we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça iň uly çemeleşmeler we tejribeler üstünlikli synagdan geçirildi.
Bu gezekki wideomaslahatyň dowamynda suw serişdelerini durnukly dolandyrmak boýunça bilelikdäki taslamalar we degişli çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Olary «ÝB — Merkezi Aziýa: suw serişdeleri, daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi ugurlarynda hyzmatdaşlyk» taslamasynyň üçünji tapgyrynyň çäklerinde ÝB-niň goldaw bermeginde amala aşyrmak meýilleşdirilýär.
«Galyndylar hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryna kadalaşdyryş namalaryny taýýarlamak, öňdebaryjy halkara tejribesini ulanmak arkaly Türkmenistanyň Tokaý kadastryny taýýarlamak, şeýle hem Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň işgärleri üçin okuw sapaklaryny guramak geçirilen pikir alyşmalaryň özenini düzdi.
Onlaýn duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyny şertlendirýän geňeşmeleriň yzygiderli guralmagynyň wajypdygyny nygtadylar.