TÜRKMENISTANYŇ WE UKRAINANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI BOLDY

2020-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň Ukrainanyň daşary işler ministri D.Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşligiň barşynda ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini we gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlary boýunça geljekde hem ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu babatda taraplar ýokary döwlet derejesindäki gatnaşyklaryň aýratyn ähmiýetini nygtadylar, şeýle-de ýakyn geljekde iki ýurduň Prezidentleriniň duşuşyklaryny guramagyň mümkinçiliklerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de daşary syýasy edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurlygy hem aýratyn nygtalyp geçildi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-ukrain hökümetara toparynyň ikitaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm guraly bolup durýandygy hem bellenilip geçildi.

Iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky yzygiderli geňeşmeleri geçirmegiň mundan beýläk hem dowam etdirilmegi barada ylalaşyldy.