AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ SENAGATÇYLAR WE TELEKEÇILER BIRLEŞMESINIŇ FORUMY AÇYLDY

2020-nji ýylyň 17-nji martynda Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisiniň we maslahatynyň açylyş dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralan gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary we deputatlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, ministrlikleriň we edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergi jaýynda gözden geçirilişe gatnaşýanlaryň 200-den gowragy öz diwarlyklaryny görkezýärler. Olaryň hatarynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzümleýin edaralary we welaýat guramalary hususy kärhanalar hem-de ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda işleýän hususy kärhanalar hem-de hojalyk jemgyýetleri bar.

Serginiň uly bölegi ýurdumyzyň işewürligini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň birine, ýerli çig maly ulanmagyň hem-de önümçilige tehnologik täzelikleri ornaşdyrmagyň esasynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän senagat kärhanalaryny döretmäge bagyşlanýar.

Möhüm döwlet maksatnamalaryny, ozaly bilen bolsa ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenilen meseleler bilen baglylykda ýurdumyzyň işewürler toparlarynyň öňünde durýan wezipeler günüň ikinji ýarymynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda guralan maslahatyň barşynda ara alyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we onuň welaýat bölümleriniň geçiren işleri baradaky hasabatlaryny diňlediler, işewürligi alyp barmagyň möhüm meseleleri boýunça, şol sanda maýa goýum we innowasiýa işlerini, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri giňeltmegiň we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksporta iberilýän möçberlerini artdyrmagyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek boýunça pikir alyşdylar.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň yglan eden 13 ugur boýunça «Ýylyň iň gowy telekeçisi» atly bäsleşiginiň jemleri jemlenildi.

Ertir ýöriteleşdirilen sergi we maslahat öz işini tamamlar.