TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HGI-DA ÝHHG-NYŇ TARYHY, GYMMATLYKLARY WE IŞI BARADA OKUWLAR GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 5-7-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy: gurluşy, ýörelgeleri we gymmatlyklary» mowzuk boýunça okuwlar geçirildi. ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi bu üç günlük kursy Merkeziň 20 ýyllyk şanly senesiniň dabaralanmagyna bagyşlanan çäreleriň çäklerinde gurnady.      

Bu okuw maslahatyna Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň «Halkara gatnaşyklary» hem-de «Halkara hukugy” hünärlerinde okaýan 40 golaý talyp gatnaşdy. 

ÝHHG-nyň halkara bilermenleri Gurama, howpsuzlygyň 3 ölçegi, ÝHHG-nyň institutlary we müdirlikleri hakyndaky umumy maglumatlar bilen tanyşdyrdylar, şeýle-de halkara we sebitleýin guramalaryň çäklerinde ÝHHG-nyň orny barada gürrüň berdiler. Bilermenleriň ýardamy bilen ÝHHG-nyň halkara jemgyýetçiligindäki orny we onuň Türkmenistandaky işi barada söhbetdeşlikler geçirildi.    

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd ÝHHG-nyň sebit we halkara howpsuzlygyny berkitmekde goşýan wajyp goşandyny belledi. Ilçi Drozd soňky 20 ýylyň içinde ÝHHG bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňelendigi hem-de ÝHHG-nyň howpsuzlygyň 3 ölçeginiň çäklerindäki dürli ugurlarda giňelmegi dowam edýändigi hakynda belläp geçdi.

Çäre bäsleşigiň geçirilmegi bilen tamamlandy. Bäsleşigiň dowamynda iki ýokary okuw jaýynyň toparlary okuw maslahatynyň çäklerinde öwrenilen maglumatlar boýunça soraglara jogap berdiler.