TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI “WOLGADA GEPLEŞIK: 21-NJI ASYRDA PARAHATÇYLYK WE ÖZARA DÜŞÜNIŞMEK” ATLY HALKARA MASLAHATYNA GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 31-nji okýabryndan 1-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Wolgograd şäherinde her ýyl geçirilýän “Wolgada gepleşik: 21-nji asyrda parahatçylyk we özara düşünişmek” atly halkara maslahatyna gatnaşdy.

Öz çykyşynyň dowamynda, türkmen tarapy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitiň ähli döwletleri bilen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklamaga gönükdirilen daşary syýasaty barada gürrüň berdi. Bu syýasatyň özeninde bitaraplyk bolup, ol halkara giňişliginde ugrukdyryjy ýörelgesi we taryhyň çuň köklerinden ugur alyp, milli aýratynlykly düşünjeleri we täzeçil dünýa garaýyşly taglymatlaryny esaslandyryjysy bolup durýar. Birleşen Milletler Gurmasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň “2021-nji ýylyň – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hökmünde yglan edilmegi baradaky Jarnamasynyň kabul edilmegi munuň aýdyň mysaly bolup durýar.

Öz gezeginde, rus tarapy Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn we köptraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklandyrma bildirdi.