GRUZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE KONSULLYK MESELELERI BOÝUNÇA TÜRKMEN-GRUZIN GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Tbilisi şäherinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň Konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylary derejesinde konsullyk meseleleri boýunça türkmen-gruzin geňeşmeleri geçirildi.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän konsullyk meseleleriň, Türkmenistanyň raýatlarynyň Gruziýadaky hukuk ýagdaýy, Gruziýanyň raýatlarynyň Türkmenistandaky hukuk ýagdaýy, Gruziýada okaýan türkmen talyplarynyň we beýleki meseleleri jikme-jik maslahatlaşdylar.

Gün tertibine laýyklykda, taraplar Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullygy we Gruziýanyň migrasiýa häkimiýetleriniň arasynda tejribe alyşmak hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşdylar.

Geňeşmeler türkmen-gruzin gatnaşyklaryna mahsus bolan dostlukly we işjeň ýagdaýda geçdi. Ikirataplaýyn geňeşmeleriň soňunda Türkmenistan bilen Gruziýanyň  arasyndaky konsullyk geňeşmeleriň Teswirnamasyna gol çekildi.