TÜRKMENISTANYŇ MID-DE TÜRKMEN-TÄJIK GATNAŞYKLARYNYŇ ÄHMIÝETLI UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, täjik wekiliýetine – Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirodjidin Muhriddin ýolbaşçylyk etdiler.

Taraplar özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berdiler. Ýokary derejedäki saparlaryň yzygiderli amala aşyrylmagynyň hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça türkmen-täjik gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagyna itergi berýändigi bellenilip geçildi. Sebitde durnuklylygyň, ykdysady ösüşiň hem-de howpsuzlygyň saklanylmagyna gönükdirilen daşary syýasy kararlarynyň gabat gelýändigi aýratyn nygtaldy.

Halkara guramalarynyň çäklerinde hereket etmek, hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň giňledilmegi, suw meseleleriniň oňyn çözgüdi, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky ulag gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ýaly derwaýys ugurlar duşuşugyň gün tertibini düzendir.

BMG-niň, GDA-nyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesi bellenilip geçildi. Ýakynda Täjigistan Respublikasyna geçiriljek Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara Gaznasyna başlyklyk etmeginiň üstünligi kanagatlanma bilen nygtaldy. Bu ugurda taraplar hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlyklaryny mälim etdiler we Türkmenistanyň baştutanynyň suw meseleleriniň çözgüdi we ekologiýanyň goraglylygy boýunça jogapkärli çemeleşmeleri aýratyn nygtalyp geçildi. Diplomatlar şeýle hem däp bolan gadymy gymmatlyklaryň meňzeşligi barada gürrüň etdiler we medeni-yndanperwerlik ulgamyndaky özarahereketleriň geljekde hem ösdürilmeginiň zerurlygyny nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara gyzyklanmalara jogap berýän önjeýli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem diwersifikasiýasy üçin dürli derejelerde ýola goýlan gatnaşyklaryň dowam etdirilmeginiň zerurlygyny aýratyn belläp geçdiler.