TÜRKMENISTANYŇ WE AZERBAÝJANYŇ PREZIDENTLERI IKI ÝURDUŇ HYZMATDAŞLYGYNYŇ MÜMKINÇILIKLERI BARADA PIKIR ALYŞDYLAR

2019-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda Baku şäheriniň Kongressler merkezinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň XVIII Sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň paýtagtyna gelen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Prezident Ilham Aliýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.   

Foruma gatnaşýanlygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, Azerbaýjanyň  - 2019-2022-nji ýyllarda Goşulyşmazlyk Hereketine başlyklygy kabul eden ýurduň Prezidenti bitarap Türkmenistanyň alyp barýan “açyk gapylar” we  köptaraplaýyn halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna ýokary baha berdi. 

Halkara gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda, Prezident Ilham Aliýew döwletleriň parahatçylykda ýaşamagy, terrorçylyga garşy göreş, bosgunlaryň meselelerini çözmek, azyk howpsuzlygyny gazanmak, ekologiýa taýdan abadançylyk ýaly möhüm global durnukly ösüş aspektleri babatdaky Sammitde türkmen lideriniň öňe süren başlangyçlaryny goldaýandygy barada belläp geçdi.       

Konstruktiw ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda, söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar we bilelikdäki tagallalaryň ileri tutulýan ugurlaryny tassykladylar. Dostlukly gatnaşyklary berkitmäge hem-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmaga ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirildi.  

Döwletara dialogyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde, iki ýurduň tebigy baýlyklaryny göz öňünde tutmak bilen, ýangyç-energetika toplumy we ulag segmenti barada aýdyldy. Bellenip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň döwrebap infrastrukturasy, hususan-da port infrastrukturasy bar. Ol bolsa ulag, demirýol we gämi aragatnaşyk liniýasy boýunça netijeli hyzmatdaşlygy hem-de köp şahaly logistik ulgamyň emele gelmegini üpjün edýär. Şeýle-de ylym, bilim we medeniýet pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň aspektleri barada pikir alyşyldy.    

Ýurtlaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugruna ygrarlydygyny tassyklap, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew biri-birine we iki ýurduň halklaryna mähirli arzuwlar etdiler.  

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti bildirilen myhmansöýerlik we Goşulyşmazlyk Hereketiniň Sammitiniň ýokary derejeli guramaçylygy üçin Azerbaýjanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi.