TÜRKMEN WEKILIÝETI ILKINJI GEZEK BÜTINDÜNÝÄ HARBY OÝUNLARYNA GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Uhan şäherinde VII tomusky Bütindünýä harby oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa ilkinji gezek Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň sport wekiliýeti gatnaşdy.    

Bütindünýä harby oýunlar – dünýäde Olimpiadadan soňky iň iri sport çäresidir. Şu ýylyň 27-nji oktýabryna çenli dowam etjek häzirki oýunlara dünýäniň 100-den gowrak ýurdundan on müňden gowrak türgen we tälimçi, şeýle-de tehniki işgärleriň wekilleri gatnaşýarlar. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde harby gullukçy türgenler sportuň dzýudo we erkin göreş ýaly görnüşlerinden göreşerler.  

Türkmen harby gullukçylarynyň  bu abraýly ýaryşlara gatnaşmagy ýurdumyzyň halkara sport hyzmatdaşlygynyň ösüşinde täze tapgyr boldy. 2018-nji ýylyň aprelinde Türkmenistan Harby sportuň halkara geňeşiniň düzümine girdi. Ýurdumyzyň diplomatik gullugy muňa uly ýardam etdi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň DIM-niň goldawy netijesinde, 2018-nji we 2019-njy ýyllarda Dominikan Respublikasynda we Wýetnam Sosialistik Respublikasynda  geçirilen Harby sportuň halkara geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 73-nji we 74-nji sessiýalaryna gatnaşmak üçin degişli wekiliýetler ugradyldy.