BUENOS-AÝRESDE TÜRKMEN-ARGENTIN GATNAŞYKLARYNYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 17-nji oktýabrynda Buenos-Aýres şäherinde Türkmenistanyň we Argentina Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary W.S.Hajyýew ýolbaşçylyk etdi. Argentina Respublikasynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Gustawo Rudolfo Zlauwinen ýolbaşçylyk etdi.

Mähirli salamlaşanlaryndan soňra taraplar türkmen-argentin gatnaşyklaryna mahsus bolan dostlukly häsiýetini belläp geçdiler. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar şonuň ýaly-da hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine oňyn itergi berýän ikitaraplaýyn saparlaryň möhüm ähmiýeti hakynda hem gürrüň etdiler. 

Diplomatlar iki döwletiň abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini belläp geçdiler. Soňky döwürde parlamentara gatnaşyklary hem pugtalandyrylýar. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagy üçin parlament wekiliýetleriniň alyşylmagynyň zerurlygyny nygtadylar. 

Taraplar şeýle hem söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşini belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, haryt dolanyşygynyň ösdürilmegi we söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegi üçin iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagy arkaly hzymatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenilmeginiň wajypdygy bellenildi. Şeýle-de oba hojalygy, energetika, ulag we syýahatçylyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň mümkinçilikleri hakynda gürrüň edildi. Mundan başga-da taraplar medeni-ynsanperwerlik hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar dürli ugurlarda türkmen-argentin gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýratyn nygtadylar.