Ženewada Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 150 gün galmagy mynasybetli futzal boýunça ýaryş geçirildi

Ýurdumyzda 2017-nji ýylyň “Sagdynlyk we ruhubelentlik ýyly” diýip yglan edilmegi hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 150 gün galmagy mynasybetli Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan Şweýsariýa Konfederasiýasynda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we merkezi edaralary Ženewada ýerleşýän halkara guramalaryň wekillerinden düzülen ýygyndy toparlaryň arasynda futzal boýunça ýaryş geçirildi.

Ýaryşyň toparlaýyn tapgyryna BMG-niň, Ýewropa Bileleşigiň, Butanyň, Gazagystanyň, Gruziýanyň, Moldowanyň, Perunyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ýygyndy toparlary gatnaşdylar.

Final oýnunda Perunyň we BMG-niň ýygynda toparlary duşuşyp özarasynda ýaryşyň ýeňijisini kesgitlediler. Duşuşykda Perunyň ýygyndy topary üstün çykyp, ýaryşyň ýeňijisiniň kubogyna mynasyp boldylar. Üçünji ornuny eýelemek ugrunda geçirilen oýunda Gazagystanyň ýygyndy topary ýeňiji boldy.

Ýaryşyň ýeňijileri bilen bir hatarda ýaryşa gatnaşan ähli toparlar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlarynyň nyşany şekillendirilen ýadygärlik medallary bilen sylaglandylar.