BAE-DE TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY AÇYLAR

2019-njy ýylyň 30-njy awgustynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerinde (Dubaý şäheri) Baş konsullygyny açmak baradaky Karara gol çekdi.

“Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kabul edilen bu resminama Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginde hem-de ilata konsullyk işi boýunça netijeli hyzmat edilmegine oňyn itergi berer.