TÜRKMENISTAN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ SUBÝEKTLERI BILEN ÖZARABÄHBITLI GATNAŞYKLARY ÖSDÜRÝÄR

2019-njy ýylyň 10-njy awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine gelen Kalmykiýa Respublikasynyň baştutanynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji B.S.Hasikow bilen duşuşygy geçirildi.  

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Hususan-da Kalmykiýa Respublikasy bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik gatnaşyklaryn giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Astrahan welaýatynyň Gubernatorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji I.Ý.Babuşkin bilen hem duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Astrahan welaýatynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ykdysadyýet we söwda, ulag, gämi gurluşygy, bilim we ylym ulgamlarynda özarahereketiň ähmiýetli tejribesiniň toplanandygy bellenilip geçildi.

Taraplar şeýle-de sebitleýin we halkara ykdysady integrasiýasyny ösdürmek mukdaýnazaryndan Birinji Hazar ykdysady forumynyň ýokary ähmiýeti dogrusynda pikir alyşdylar.