ŞWEÝSARIÝA KONFEDERASIÝASYNYŇ TÜRKMENSTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2019-njy ýylyň 9-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenstandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) hanym Mýuriel Peneweýreniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.  

Mähirli salamlaşanlaryndan soňra taraplar ýokary derejedäki saparlaryň guralmagy we syýasy geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmegi arkaly Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigini belläp geçdiler. Diplomatlar syýasy-diplomatik we ykdysady ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna hem seredip geçdiler. Iki ýurduň bitaraplyk derejeleriniň nazarda tutulmagy bilen halkara guramalarynyň, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde alnyp barylýan netijeli özara hereketler jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda şeýle hem halkara gün tertibiniň möhüm düzüm bölegi bolan ekologiýa howpsuzlygy ulgamynda, hususan-da suw serişdeleriniň dolandyrylyşy boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.    

Soňra hanym Mýuriel Peneweýre Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy. 

Saparynyň çäklerinde Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenstandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Mýuriel Peneweýre Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşar.