BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMY – DÜNÝÄ METBUGATYNYŇ SAHYPALARYNDA

Öňde duran dünýä derejesindäki çäre – Birinji Hazar ykdysady forumy (BHYF) bu günki günde diňe bir dünýäniň dürli ýurtlarynyň hökümetleriniň däl-de, eýsem işewürlik ulgamynyň öňdebaryjylarynyň hem ünsüni özüne çekýär.

Meşhur «Istanbool Today» türk žurnalynyň redkasiýasy özüniň nobatdaky neşiriniň agramly bölegini 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan BHYF-niň esasy aýratynlyklaryna bagyşlapdyr.

Çap edilen makala diňe bir Hazarda halkara hyzmatdaşlygynyň ýaýbaňlandyrylmagy üçin özboluşly platforma boljak Foruma bagyşlanan bolman, eýsem Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynyň ösüşiniň hemmetaraplaýyn beýanyny hem özünde jemleýändir. 

Neşiriň bu sany ýurduň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini hem-de döwletimiziň ulag, energetika we innowasiýalar ýaly ulgamlarda gazanan ýokary ösüşleri bilen birlikde Türkmenistanyň Birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegine degişlilikdäki mümkinçiliklerini hem doly beýan edýändir.