ER-RIÝADDA TÜRKMEN-SAUD GATNAŞYKLARYNYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 30-njy iýulynda Er-Riýad şäherinde Türkmenistanyň we Saud Arabystanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda birinji syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew ýolbaşçylyk etdi. Saud Arabystanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň syýasy we ykdysady meseleler boýunça orunbasary Adel bin Siraj Mirdad ýolbaşçylyk etdi.

Ýakymly salamlaşanlaryndan soňra taraplar türkmen-saud gatnaşyklarynyň dostlukly häsiýetini belläp geçdiler. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar şonuň ýaly-da strategiki hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine oňyn itergi berýän ýokary derejedäki ikitaraplaýyn saparlaryň möhüm ähmiýeti hakynda hem gürrüň etdiler.  

Diplomatlar iki döwletiň abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini belläp geçdiler. Soňky döwürde parlamentara gatnaşyklary hem pugtalandyrylýar. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagy üçin parlament wekiliýetlerini alyşmagyň zerurlygyny nygtadylar. 

Taraplar şeýle hem söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşini belläp geçdiler. Bu ugurda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-saud toparynyň oňyn ähmiýeti nygtaldy. Diplomatlar bu toparyň mejlisleriniň yzygiderli esasda geçirilmeginiň zerurlygyny hem aýratyn bellediler. Taraplaryň energetika, dag-magdan senagaty, gurluşyk we syýahatçylyk ulgamynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini hem belläp geçmek zerurdyr. Taraplar dokma senagaty ulgamynda haryt dolanşygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerine hem seredip geçdiler. Şeýle-de türkmen haly önümleriniň Saud Arabystanyna üpjün edilmeginiň mümkinçilikleri hakynda hem gürrüň edildi.   

Mundan başga-da taraplar medeni-ynsanperwerlik hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bellenilip geçildi. Soňky ýyllarda iki ýurduň ylmy merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk has hem pugtalandyryldy. Iki ýurduň arasynda Medeniýet günleri yzygiderli esasda geçirilýär, olar bolsa öz nobatynda doganlyk halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ilerledilmegine oňyn itergi berýär. 

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar dürli ugurlarda türkmen-saud gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýratyn nygtadylar.