AŞGABATDA ARAL BOÝUNÇA SEBITLEÝIN IŞ TOPARLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILÝÄR

2019-njy ýylyň 30-31-nji iýulynda Aşgabatda Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän «Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek» hem-de «AHHG-nyň institusional-hukuk gurallaryny kämilleşdirmek» boýunça hereketleriň maksatnamasyny» (ADSM-4) işläp taýýarlamak boýunça sebitleýin iş toparlarynyň ikinji duşuşygy geçirilýär.

Bu duşuşyk Halkara hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetüsti dolandyrmak» atly sebitleýin maksatnamasynyň, Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkezi (CAREC) bilen bilelikde amala aşyrylýan Ýewropa Bileleşiginiň «Merkezi Aziýada Neksus Dialog» atly taslamasynyň, ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentliginiň (USAID) «Suw, bilim we hyzmatdaşlyk» atly taslamasynyň hem-de ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň goldaw bermeginde AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan guraldy.

Sebitleýin iş toparlarynyň mejlisine Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň, AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň, Durnukly ösüş boýunça döwletara toparyň, şeýle hem GIZ we CAREC guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Iki günlük Aşgabat duşuşygynyň gün tertibi dört ugruň her biri boýunça ADSM-4 maksatnamasyny işläp taýýarlamak we döretmek, şol sanda hem AHHG-nyň guramaçylyk düzümini we şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek bilen bagly taslama teklipleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyny we ylalaşylmagyny öz içine alýar. Olaryň hemmesi Gaznany esaslandyryjy döwletlerde geçirilen milli geňeşmeleriň esasynda taýýarlanyldy.

Gün tertibiniň çäklerinde AHHG-nyň institusional düzümini hem-de şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça teklipler, şeýle hem Merkezi Aziýada durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýa goşulmak meselesi ara alnyp maslahatlaşylar. Duşuşygyň jemleri boýunça geljekki gatnaşyklaryň ädimleri ylalaşylar we degişli çözgütler kabul ediler.

Şu duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň netijeli syýasy strategiýasyna ýokary baha berdiler. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz Aral meseleleri bilen bagly bolan özara ylalaşykly we sazlaşykly möhüm wezipeleri işläp taýýarlamak babatda netijeli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge önjeýli goşant goşýar.