AŞGABATDA ÝOKARY DEREJELI TÜRKMEN-RUS GEPLEŞIKLERI GEÇDI

2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Aşgabatda ýokary derejeli türkmen-rus gepleşikleri geçirildi, olara gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary – Hökümetiň Diwanynyň ýolbaşçysy K.A.Çuýçenko tarapyndan başlyklyk edilýän wekiliýet ýurdumyza geldi.

Günüň birinji ýarymynda myhman Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda türkmen-rus gatnaşyklaryna degişli bolan derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi.

Mejlisiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlaryny, has takygy söwda-ykdysady häsiýetli meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlise gatnaşyjylar iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň arasyndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygyň ösüşine, gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi bilen bagly meselelere seredip geçdiler, şeýle hem söwda amallarynyň durmuşa geçirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar. 

Taraplar bilelikdäki taslamalara, rus kompaniýalarynyň Türkmenistanyň çägindäki işleriniň meselelerine, şeýle hem senagat, gurluşyk, ulag, nebitgaz, gazhimiýa we elektroenergetika pudaklardaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.

Mejlisiň ahyrynda aşakdaky resminamalary özünde jemleýän ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi: “Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň on birinji mejlisiniň Teswirnamasy”, “Telekeçiligiň meseleleri boýunça Türkmen-Astrahan bilelikdäki geňeşini döretmek hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Astrahan welaýatynyň (Russiýa Federasiýasy) Hökümetiniň arasynda Ähtnama”, “Türkmen hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen S.A.Gerasimow adyndaky Bütinrussiýa döwlet kinematografiýa institutynyň arasynda Ylalaşyk”, “Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi bilen Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň «Gelmgols adyndaky Moskwa göz keselleriniň ylmy-barlag instituty» federal döwlet býujet edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk”.

2019-njy ýylyň 6-njy maýynda ýokarda agzalan mejlise taýýarlyk görmegiň çäklerinde iki ýurduň bilermenleriniň duşuşygynyň geçirilendigini nygtamak zerurdyr.