Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini hem-de Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda Permany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek we toplumlaýyn dolandyrmak arkaly onuň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetini goşup, olaryň binýadynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini hem-de Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetini döretmeli.

2. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini oba hojalygy boýunça Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň, şeýle hem Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.

3. Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetini suw hojalygy boýunça Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwary.

                                                                                              * * * * * * *

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligini döretmek hakynda Permany

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň senagat, ulag we aragatnaşyk pudagyny düýpli özgertmek hem-de bu pudagy toplumlaýyn dolandyrmak arkaly onuň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligini döretmeli.

2. Türkmenistanyň Senagat ministrligini, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligini, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligini, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligini, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugyny hem-de «Türkmenhowaýollary» gullugyny Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň garamagyna bermeli hem-de olary degişlilikde şol ministrligiň «Türkmensenagat» agentligi, «Türkmendemirýollary» agentligi, «Türkmenawtoulaglary» agentligi, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi hem-de «Türkmenhowaýollary» agentligi diýip atlandyrmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwary.

                                                                                            * * * * * * *

 

Ýurdumyzda hemra ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentligi Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň garamagyna berildi hem-de ol şol agentligiň Kosmos müdirligi diýlip atlandyryldy.