LAPIS LAZULI HALKARA MASLAHATY ÖZ IŞINI DOWAM ETDI

2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenbaşy şäheriniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty öz işini plenar mejlisleri görnüşinde dowam etdi.

Çykyşlaryň dowamynda gatnaşyjylar ulag-üstaşyr geçelegeleriniň ösüşi ugrunda halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetine, multimodal gatnawlaryň we Lapis Lazuli ulag geçelgesinde hem-de halkara üstaşyr geçelgelerinde olaryň mümkinçiliklerine, şeýle hem ulag geçelgeleriniň ösüşinde logistika kompaniýalarynyň ähmiýeti ýaly temalar boýunça çykyş etdiler.

Maslahatyň jemlerini jemlemek bilen, wekiliýet ýolbaşçylary Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatynyň Jemleýji jarnamasyny kabul etdiler.

Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenbaşy şäherini Halkara deňiz portuna baryp gördüler. Bu ýerde myhmanlar üçin täze portuň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan maksatnamasy taýýarlanyldy, şeýle hem Halkara deňiz portunyň tanyşdyrylyşy gurnaldy.