AŞGABATDA SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-OWGAN TOPARYNYŇ 7-NJI MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 1-2-nji noýabrynda Aşgabatda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Owgan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi Mohammad Homaýun Kaýumi topara başlyklyk etdi.

Iki döwletiň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň gatnaşan Mejlisiniň gün tertibine geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryň meseleleriniň giň toplumy goýuldy. Taraplar bar bolan döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň bilelikdäki işiniň jemini seljerdiler.

Mejlisiň barşynda taraplar döwletleriň arasyndaky şertnama-hukuk binýadyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem mejlise gatnaşyjylar söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag, gurluşyk pudagynda we oba hojalyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar medeni-ynsanperwer ugrynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak hem-de ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, bilim we syýahatçylyk ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meýillerini beýan etdiler.

Gepleşikleriň barşynda gatnaşyjy döwletler üçin syýasy, durmuş we ykdysady tarapdan möhüm uzakmöhletleýin energetika taslama bolup durýan Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gazgeçirijisiniň roly bellenilip geçildi.

Mejlisiň dowamynda iki ýurduň demir ýol ulaglary edaralarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde Akina stansiýasyny ösdürmek üçin demir ýol şahasyny gurmak barada Ähtnama gol çekildi. Şeýle hem bilelikdäki Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň işiniň netijesinde jemleýji Teswirnama gol çekildi.