Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler hem-de işewürlik maslahatyna gatnaşdylar
2024-nji ýylyň 11-nji iýunynda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda döwlet saparynda bolýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşygy boldy.
Duşuşygyň geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyzdaky “Arkadag” myhmanhanasyna gelip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoly hem-de sapar wagtynda ýanynda bolýan maşgalasy Kim Kon-Hini mähirli mübäreklediler. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz we belent mertebeli myhman öz maşgalalary bilen ýadygärlik surata düşdüler.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň dostlukly döwletiň Baştutany bilen duşuşygy boldy. Gahryman Arkadagymyz Prezident Ýun Sok Ýoly Aşgabatda ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, şu gezekki saparyň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm wakadygyny belledi.
Prezident Ýun Sok Ýol bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Koreýa Respublikasynyň Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyga üýtgewsiz gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Soňra duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda iş maslahaty görnüşinde dowam etdi. Onda döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugry bolup durýan söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk meseleleri gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol gadymdan gelýän dostluk, özara hormat goýmak, ynanyşmak, hoşniýetli erk-isleg ýörelgelerine daýanýan döwletara gatnaşyklaryň geljekde-de okgunly ösdüriljekdigine hem-de ähli bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdiler.
Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň sapar wagty ýanynda bolýan maşgalasy üçin medeni maksatnama taýýarlanyldy. Myhman Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy bilen myhmanhananyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synlady. Sergi türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasy, nesilden-nesle geçirilip gelýän däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde ajaýyp el halylary, amaly-haşam we şekillendiriş sungaty eserleri, şaý-sepler, el işleriniň nusgalary, muzeý gymmatlyklary görkezildi.
Ikitaraplaýyn duşuşyk tamamlanandan soňra, sergini synlamaga türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol hem geldiler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Koreýa Respublikasynyň Baştutanyna mizemez türkmen-koreý dostlugynyň nyşany hökmünde iki sany alabaýy sowgat berdi.
Belent mertebeli myhman Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, bu sowgada däp bolan döwletara gatnaşyklaryň özboluşly nyşany hökmünde garaýandygyny belledi.
Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň gatnaşmagynda Türkmen-koreý işewürlik maslahaty geçirild. Bu ýerde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoly türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.
Forumyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň Baştutany Türkmenistanyň ykdysady üstünliklerini we türkmen halkynyň baý medeni mirasyny açyp görkezýän sergini synladylar.
Soňra Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň dabaraly açylyşy boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk has ýokary derejelere çykdy. Esasan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklarymyz ösüşiň belent sepgitlerine ýetdi hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy.
Soňra Koreýa Respublikasynyň Baştutanyna söz berilýär. Belent mertebeli myhman gadymy döwürlerde çäginden Beýik Ýüpek ýoly geçen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda guralýan bilelikdäki işewürlik maslahatyna gatnaşmaga örän şatdygyny, bu çäräniň köptaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy amala aşyrmaga ýardam etjekdigini aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola işewürlik maslahatyna gatnaşandyklary üçin çuňňur hoşallyk bildirildi. Munuň özi foruma aýratyn ýokary dereje berdi.
Gahryman Arkadagymyz we dostlukly ýurduň Baştutany ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalyndan ugradylar.
Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň hormatyna günortanlyk naharyny berdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz hem-de belent mertebeli myhman Aşgabadyň Halkara howa menziline ugradylar.
Gahryman Arkadagymyz we belent mertebeli myhman hem-de olaryň maşgalalary mähirli hoşlaşyp, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana döwlet saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Aşgabatdan ugrady.