Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-ýapon DIM-leriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
2024-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde iki ýurduň DIM-leriniň arasynda türkmen-ýapon syýasy geňeşmeler geçirildi.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, ýapon tarapyna Ýaponiýanyň DIM-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, Ýaponiýanyň DIM-niň Ýewropa boýunça býurosynyň baş direktorynyň orunbasary Masaki Ikegami ýolbaşçylyk etdi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň oňyn ösüş depginini bellediler. Parlamentara hyzmatdaşlygynyň netijeliligi nygtaldy.
Taraplar sebit hyzmatdaşlygynda, şeýle-de halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki gatnaşyklarda oňyn beýanyny tapýan iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler. Sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alşyldy.
«Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialoguna gatnaşyjy ýurtlaryň ilkinji Sammitiniň geçirmek bilen baglanyşykly meseleler pikir alyşmalaryň möhüm ugry boldy.
Mundan başga-da duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Häzirki wagtdaky taslamalar we olary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Nebit-gaz we gazhimiýa, elektroenergetika, ulag we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli gatnaşyklary ilerletmäge ýardam berýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen toparlarynyň ähmiýeti nygtaldy.
Taraplar Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek EXPO 2025 Bütindünýä sergisine türkmen tarapynyň gatnaşmagy bilen bagly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ýerde Türkmenistanyň Milli güni 14-nji aprele – serginiň açylan gününiň ertesi gününe meýilleşdirilýär.
Şeýle-de taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ylym, bilim, lukmançylyk babatda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenilip geçildi.