Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň Ýolbaşçy toparyň mejlisi hakynda
2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Ýolbaşçy toparyň we Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Milli iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygynda geçirilen çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, şeýle hem 20-den gowrak degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Mejlisiň işine BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy we BMG-niň Aşgabat şäherindäki düzüm bölümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa öz çykyşynyň dowamynda, Aşgabat şäherinde BMG-niň edaralary bilen Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maksatnamalaýyn-taslama işlerini durmuşa geçirmegiň serişdeleriniň we täsir ediş mehanizmleriniň ulgamlaşdyrylmagynyň zerurlygyna gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Şeýle hem häzirki wagtyň zerur şertlerini we hyzmatdaşlygyň häsiýetini, Türkmenistanyň uzakmöhletleýin bähbitlerini we durnukly ösüşi üpjün etmekde BMG-niň işini kanagatlandyrýan, bilelikdäki tagallalaryň esasynda oňyn netijeleriň gazanyp boljakdygyna ynam bildirildi. Şunuň bilen baglylykda ortamöhletleýin we uzakmöhletleýin meýilnamalaryň hem-de maksatnamalaryň esasynda bilelikde ulgamlaýyn işi alyp barmagyň ähmiýeti bellenildi.
BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko şu günki duşuşykda çykyş etmek bilen, ilkinji nobatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG bilen strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýändigini we ygrarly bolup galýandygyny belledi. Diplomat Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň abadançylygyna gönükdirilen bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam berýändigi üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle hem, D.Şlapaçenko öz çykyşynda 2024-nji ýylda dünýä jemgyýetçiligine degişli bolan Geljegiň Sammitiniň geçiriljekdigini we ol çäräniň ozal geçirilen DÖM Sammitiniň netijelerine esaslanjakdygyny, şol bir wagtyň özünde hem bu çäräniň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegini tizleşdirmäge gönükdirilendigini ýatlatdy. Şunuň bilen baglylykda, 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň çägindäki bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek arkaly, Türkmenistan bilen BMG-niň hiç kimi yzda galdyrmazlyk ýörelgesine laýyklykda, ilatyň iň ejiz toparlarynyň abadançylygyna has oňat ünsi jemläp, DÖM-lere ýetmekde hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrjakdyklaryna ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler 2026-2030-njy ýyllar döwür üçin Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyny, ony maliýeleşdirmegiň strategiýasyny, şeýle hem onuň işlerine gözegçilik we baha beriş meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça täze “ýol kartasynyň” işlenip düzülmegi meselesinde ünsi jemlediler.
Soňra çykyş edenler Çarçuwaly maksatnamanyň aşakdaky bäş sany maksatlaýyn toparynyň özenine laýyklykda hukuk we durmuş-ykdysady ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak dogrusynda pikir alyşdylar:
• häzirki zaman ýaşyl tehnologiýalary ulanmak arkaly azyk howpsuzlygy we howanyň üýtgemegi;
• sanlylaşdyrmak we maglumatlary dolandyrmak;
• mekdep we hünär bilimine üns bermek arkaly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi;
• saglygy goraýyşyň mümkinçiliklerini artdyrmak;
• Türkmenistanda hukuk goraýyş institutlarynyň ösdürilmegi, hususan-da, Adam hukuklary, çagalaryň hukuklaryny goramak, aýallaryň hukuklaryny üpjün etmek boýunça we ş.m. boýunça ygtyýarlykly wekilleriň diwanlarynyň düzüminde ýöriteleşdirilen ugurlary döretmek.
Gatnaşyjylar Türkmenistan – BMG hyzmatdaşlygynyň uly geljeginiň bardygyna we has-da işjeň ýagdaýda ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Ýolbaşçy toparyň nobatdaky mejlisiniň Teswirnamasy taýýarlanyldy we onda Maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça amaly çäreler öz beýanyny tapdy.