Türkmenistanyň DIM-nde Türki Döwletleriň Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
2024-nji ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş Sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň başynda ministr türki döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ulgamlaýyn esasda giňeltmek we pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda möhüm orun eýeleýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde önjeýli hyzmatdaşlyga uly orun berilýär.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has berkitmek we çuňlaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ýerde türkmen tarapy synçy döwlet hökmünde bu halkara guramasynyň işlerine işjeň gatnaşýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň bu gurama bilen baglanyşykly birnäçe halkara düzümler, hususan-da Türki Döwletleriň Guramasynyň Parlament Assambleýasy, Türki Söwda-senagat edarasy, Türki medeniýetiniň we mirasynyň Gaznasy hem-de Türk Akademiýasy bilen hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegine gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.
Taraplar 2024-nji ýylyň 11-12-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini bellediler.
Şeýle hem, üstümizdäki ýylda bilelikdäki maksatnamalary ýerine ýetirmek boýunça pikir alyşyldy.